Näme üçin Belarus?

Ýewropanyň merkezindäki ýaraşykly ýurt

Belarus Ýewropanyň gündogarynda ýerleşýär. Onuň Ukraina, Polşa, Russiýa, Litwa we Latwiýa bilen araçägi bar.
Belarusyň halky 9.5 million adam, olaryň 2 milliony paýtagt Minskde ýaşaýarlar. “Numbeo” tarapyndan taýýarlanan iň howply 378 şäheriň arasynda, Minsk 351-nji ýerde ýerleşýär we GDA döwletleriniň arasynda bolsa iň howpsuz şäher diýip hasap edilýär. Belarus döwletiniň özi hem statistikalar boýunça dünýäniň iň howpsuz ýerlerinden biri bolup durýar.
Käte biziň ýurdumyza ‘Ýewropanyň Öýkenleri’ hem diýýärler, munuň sebäbi Belarusyň meýdançasynyň uly bölegini tokaýlaryň, derýalaryň we kölleriň gaplaýandygydyr. Syýahatçylar ýörite Belarusyň gür jeňňelini synlamak üçin gelýärler. Ol Ýewropanyň iň uly hem iň gadymy tokaýydyr, ol ýerde tebigat ýabany hem adam eli degmedik, her biri bäş ýüz ýaşan äpet agaçlaryň sany iki müňden hem gowrak. Ol şeýle bir ägirt welin onuň bir bölegi Polşada ýerleşýär. Ýogsa-da hut şu ýerde, el garylmadyk tebigatyň içinde Sowet Soýuzynyň dargamagy barada ylalaşyga gol çekilipdi

Birnäçe fakt

1
Iň ýaýran din - prawaslawlyk
2
Öz belarus dili bar
3
Oba hojalyk örän ösen. Örän tagamly süýt önümleri bar.
4
Halkyň sowatlylygy boýunça 8-nji ýerde durýar
5
Belarusda hut 5 Nobel Laureaty bar. 2015-nji ýylda bolsa, edebiýat boýunça Nobel Baýragyna Swetlana Aleksiýewiç mynasyp boldy
6
Belarus - Gündogar Ýewropanyň “Silikon Jülgesi” bolup durýar. Bu ýerde programistlik iň meşhur hünär.
7
Belarus sport ýurdy. Şeýle uly bolmadyk ýurt üçin bu pudakdaky üstünlikler haýran galdyrýar
Minsk
MINSK
Minsk
WITEBSK
Minsk
POLOSK
Minsk
GRODNO

Elýeterli ýokary bilim

Belarusda bilim almagyň bahasy bir ýylda 2000$ bilen 5000$ arasynda üýtgeýär. Biz daşary ýurtly abiturientleriň arasynda aýratyn talap edilýän birnäçe ugury aýratyn belledik.
Olaryň arasynda lukmançylyk, IT, tehnologik we oba hojalyk profilleri hem bar.
Meselem Belarus döwlet aragatnaşyk akademiýasynda yokary derejeli hunarini ýagny Maglumat aragatnaşygy inženeri 1200 $ ýylyna, Ykdysadyýetçi-menedžer hunärini öwrenmek ýyllyk tölegi bary ýogy 850$.
Stomotolog bolmagyň bahasy - ýyllyk 4500 $ (rus dilinde), 5600 $ (iňlis dilinde). Maglumat tehnologiýalary pudagynyň hünärmenler, ýyllyk 2500 $ (rus dilinde), 5000$ (iňlis dilinde) tölemek bilen bilim alýarlar. Tehnik, inžener ýa-da agronom bolmak isleýänleriň ýyllyk töleg mukdarlary 2650 $ (rus dilinde), 4000 $ (iňlis dilinde) möçberinde bolar. Magistr ýa-da kandidat ylmy derejelerini almak isleýänler üçin bolsa töleg möçberleri has az. Baha anyk profil bilen baglanşykly.